Biziň üstünliklermiz

Moskwada geçirlen N.Halmämmedowyň 85-ýaş Ýubileýine bagyşlanan ,,Dutaryň owazy’’ atly halkara festiwal bäsleşigi
Türkmen  halkynyň milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdymyz günsaýyn ösýär.Ähli ulgamlar bilen birhatarda bolsa,türkmen aýdym-saz sungaty hem täze-täze öwüşgünler bilen belent sepgitlere ýetýär.Türkmen ýaş aýdymçy,sazandalaryna öz zehinlerini açyp görkezmek üçin uly şertler döredilýär.2023-nji ýylyň noýabr aýynyň,1-nji ýarymynda halypa kompazitorymyz,N.Halmämmedowyň 85-ýyllyk ýubileýi mynasybetli “Moskwa’’ şäherinde “DUTARYŇ OWAZY”ady bilen geçiriler Halkara online aýdym-saz festiwal-bäsleşigi geçirildi we jemlendi.Ol bäsleşige gatnaşyp maňa-da ýeňiji bolmak nesip etdi.Bu bolsa biz ýaş aýdymçylary öňk    Bu festiwal-bäsleşigi örän gyzykly hem täsirli boldy.Bäsleşikde türkmen hem-de daşary ýurt kompazitorlarynyň sazlaryna aýdymlar,ariýalar ýerine ýetirildi.Bu bäsleşikde men D.Öwezowyň we A.Şapoşnikowyň,”Şasenem Garyp”operasyndan,”GARYBYŇ ARIÝASY”eserini,XVII-XVIII-asyrlaryň Italiýan ariýasy”CARO MIO BEN”we rus kompozitory Mamed Guseýnowyň “MOÝA ZEMLÝA”diýen romansyny ýerine ýetirdim.Mundan beýläk-de türkmen aýdym-saz sungatyny ösdürmekde elimden gelen güýç gaýratymy gaýgyrman,ýaş hyjuwly talyplarymyz bilen işlejegimi ynandyrýaryn.Elbetde bu zatlaryň sakasynda Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz bar.Bize daşary ýurtly aýdym-saz ussatlary bilen ýakyndan tanyşyp,pikir alyşyp,işläp sungatymyzy ösdürmekde uly şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza ullakan sagbolsun aýdýaryn.Goý olaryň jany sag, başlary dik,ähli il-yurt bähbitli alyp barýan işleri ruwaçlyklara beslensin.
Begdurdy Çerkezow 
                                                                                                               Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
                                                                                                   Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk
                                                                                                                                     mekdebiniň mugallymy



Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň  ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi

   Berkarar  döwletiň  täze eýýamynyň  Galkynyşy döwründe “Pähim – paýhas  ummany  Magtymguly  Pyragy” ýyly  toýdur  baýramlara,  dabaralara,  şanly wakalara beslenýär. Türki  medeniýetiň  halkara  guramasy  bolan  TÜRKSOÝ  tarapyndan  2024-nji  ýylyň  “Türki  dünýäsiniň  beýik  şahyry  we akyldary  Magtymguly Pyragy  ýyly”  hem-de  Änew  şäheriniň  “Türki  dünýäsiniň  medeni  paýtagty”  diýlip yglan edilmegi halkymyzy  buýsanja  besledi.  Nowruz  ýaýlasynda  “Türkmeniň  ak  öýi” binasynda gurnalan  dabara    ýürekleri  buýsançdan doly türki halklaryň aýdymçylarynyň we türkmen medeniýet  sungat işgärleri hem  bu ajýyp dabarda özboluşly milli sungatyny suratlandyrdy. Bu medeni çärä  Maýa  Kulyýewa  adyndaky TMK-nyň  ýanyndaky  Daňatar Öwezow  adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň Bagşylar  we Gargy tüýdükçiler topary hem  baýramçylyk  dabarysyna  türkmen milli  aýdymdyr -sazlary bilen   gatnaşdylar.                               

Bu  aýdym sazly medeni  çäre  köp  öwüşginli  bolup, Maýa  Kulyýewa  adyndaky TMK-nyň  ýanyndaky  Daňatar Öwezow  adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymlaryndan düzülen bagşy  we  sazandalaryň  ýerine ýetiren   halk aýdymlary  diňleýjilerde  Änew  şäheriniň  “Türki  dünýäsiniň  medeni  paýtagty”  dabarsyna  gatnaşyjylaryň  kalbynda  uly täsir galdyrdy.

     Türkmenistanyň  at gazanan işgäri   Aşyrmyrat Ýazmyradowyň  ýolbaşçylyk  edýän  Gargy tüýdükçiler toparynyň  bu dabarada  ýerine ýetiren türkmen   halk  sazlary  ” Dilber” “Sona  gelin”, “ Bady  saba” okuw  jaýymyzyň  talyby  Azat Abdyllaýewiň  ýerine ýetiren  “Ýagma bulut” “Sona  gelin” ýanama  aýdymlary   diňleýjilerde  Änew  şäheriniň  “Türki  dünýäsiniň  medeni  paýtagty”  diýlip yglan edilmeginiň  şanyna geçirilenen toýuň,  şatlygyna şatlyk goşdy.  

   

                                                                                          Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky

                                                                                                       Daňatar Öwezow adyndaky türkmen döwlet

                                                                                                         ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy

                                                                                                                 Garryýew Bägül Ýazmämmedowna

Paýlaş

Makala

Moskwada geçirlen N.Halmämmedowyň 85-ýaş Ýubileýine bagyşlanan ,,Dutaryň [...]

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19